Türkmenistanyň Daşary işer ministrliginiň Halkara gatnaşyklary insitutynyň we Kuweýt Döwletiniň Daşary işler ministrliginiň Saud Al-Nasser Al-Sabah adyndaky Diplomatiýa institutynyň arasynda geçirilen wideomaslahat Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna bagyşlandy.

Onlaýn foruma diplomatlar, ýokary okuw mekdepleriniň professorlary we mugallymlary hem-de talyplary gatnaşdylar. Bu ýokary okuw mekdepleri Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Kuweýt Döwletine amala aşyran resmi saparynyň çäklerinde 2018-nji ýylyň 13-nji martynda gol çekilen Özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama laýyklykda, netijeli hyzmatdaşlygy ýola goýdular.

Türkmenistan we Kuweýt Döwleti diplomatik gatnaşyklary 1995-nji ýylda ýola goýdular hem-de şu geçen döwrüň dowamynda bu gatnaşyklar dürli ulgamlarda üstünlikli ösdürildi we berkidildi. Bu gün iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklar özara düşünişmegiň we ynanyşmagyň ýokary derejesi bilen häsiýetlendirilýär. Türkmen-kuweýt gatnaşyklary BMG-niň we beýleki halkara düzümleriniň çäklerinde hem okgunly ösdürilýär.

Çykyş edenler Türkmenistanyň mundan 25 ýyl ozal saýlap alan taryhy ýolunyň döwletiň üstünlikli ösmeginiň ugruny kesgitländigini nygtadylar.