Häzirki wagtda dünýäde milliarderleriň sany iň köp bolan ýurt Hytaýdyr. Soňky ýylda bu ýerde 10 milliard dollardan gowrak maýa goýumly adamlaryň sany ABŞ bilen deňeşdirilende üç esse artdy.

Bu barada Hytaýyň “Hurun” gözleg kompaniýasynyň hasabatynda aýdylýar.

Analitikler 2020-nji ýylyň 31-nji ýanwaryna çenli Gonkong, Taýwan we Hytaýda milliarderleriň sanynyň bir ýyl ozal 182-den 799-a ýetendigini aýdýarlar. Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda bolsa milliarderleriň sany 626 adam. Şu ýylyň dowamynda olar 59 sany köpeldi.

“Hurun Report” -yň başlygy we baş analitigi Rupert Hugewerf “Hytaýda häzirki wagtda ABŞ-da we Hindistanda bolşy ýaly milliarderler köp. Bu bolsa ýurtda telekeçilige we işewürlige berilýän ünsüň Hytaýda has-da ýokary derejelere eýediginden bolsa gerek” -diýdi.