26-njy sentýabrda Döwlet migrasiýa gullugynyň maslahatlar zalynda Türkmenistanyň raýatlygyna kabul edilen adamlara pasportlary gowşurmak dabarasy boldy. Bilşimiz ýaly, Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow 20-nji sentýabrda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Türkmenistanyň raýatlygyna 863 adamy kabul etmek hakynda Permana gol çekdi.
Şu dabara ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, Türkmenistanda işleýän halkara guramalarynyň hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, ýaşulular gatnaşdylar.
Dabarada BMG-niň Bosgunlaryň işi baradaky Ýokary Komissarynyň müdiriýetiniň Merkezi Aziýa boýunça sebit edarasynyň baştutany Ýasuko Oda, BMG-niň Baş sekretarynyň Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekili, BMG-niň Merkezi Aziýada Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň baştutany Natalýa German, BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysy Ýelena Panowa raýatsyzlyk meseleleriniň çözülmeginde Türkmenistanyň saldamly goşandyny bellediler. Ýurdumyzyň görkezýän nusgasy diňe bir Merkezi Aziýa sebiti üçin däl, eýsem, bütin dünýä üçin hem möhümdir.
Ynsanperwer ugur Türkmenistanyň içeri we daşary syýasatynyň düzüm bölekleriniň biridir. Ýurdumyz sebitde ilkinjileriň hatarynda bu meselä örän uly üns berip başlady. Bosgunlar we raýatlygy bolmadyk adamlar baradaky meseleleriň çözülmegine halkara tagallalarynyň birleşdirilmegi talap edilýär. Garaşsyzlyk ýyllarynda 23 müňe golaý (22 müň 930) adam Türkmenistanyň raýatlygyna kabul edildi. Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen raýatlygy bolmadyk adamlara goldaw bermek we bu ýagdaýyň öňüni almaga degişli kepillikleri üpjün etmek üçin 2018 — 2024-nji ýyllarda raýatsyzlygy ýok etmek boýunça hereketleriň milli meýilnamasy işlenip taýýarlanyldy.