Habar beriş serişdeleriniň habaryna görä, robot öndürýän “Boston Dynamics” satylyp bilner: “Bloomberg”, “The Robot Report” we “The Korea Economic Daily” gazetleriniň habaryna görä, alyjy “Hyundai Motor Co”. “Motor” -yň habaryna görä bolsa, ýagdaýy bilýän çeşmeler şertnamanyň 921 million dollardygyny aýdýarlar.

Robotika bilen meşgullanýan “Boston Dynamics” 1992-nji ýylda Mark Reýbert we Massaçusets Tehnologiýa Institutynyň inženerler topary tarapyndan esaslandyryldy. Bu kompaniýa 2013-nji ýylyň ahyrynda Google we 2017-nji ýylda Ýaponiýanyň iň uly maýa goýujysy “SoftBank” tarapyndan satyn alyndy. 2020-nji ýylda “Boston Dynamics” antropomorf Atlas robotyny goşmak bilen sekiz robot modelini hödürledi.

Boston kompaniýasy, mahabatlarynyň hersine millionlarça gezek tomaşa edilip, bütin dünýäde meşhurlyk gazandy. “Boston Dynamics” ýakynda 400 robot satyp, 30 million dollardan gowrak girdeji gazandy.

Ýeri gelende belläp geçsek, “Hyundai”-yň senagat robotlaryny we beýleki häzirki zaman tehnologiýalaryny ösdürmäge ýöriteleşen öz bölümi hem bar. Mysal üçin, 2019-njy ýylda kompaniýa “Elevate” robotyny hödürledi. Bulardan öň “Boston Dynamics”-iň robot itiniň 74,5 müň dollara satylandygy we Singapuryň seýilgähindäki adamlaryň arasyndaky aralygy barlap başlandygy dünýä KHBS-inde habar berlipdi.