“HDM Global” 5.45 dýuým ekranly täze “Nokia” smartfonyny satuwa çykarmaga taýynlanýar. Bu barada “IXBT” habar berýär.
Smartfonyň internetde ýaýradylan suratlaryndan görnüşi ýaly, ol elýeterli enjamlara degişlidir. Muny enjamyň köne dizaýny we öň kameranyň ýerleşýän ekranynyň ýokarsyndaky gaty uly serhet zolagy hem subut edýär.
Hytaýyň “TENAA” sazlaýjysy “Nokia TA-1335” sanly smartfonyň önümçiligini tassyklady. “Nokia C1 Plus” ady bilen elýeterli bolmagyna garaşylýar. Smartfon şekili ilkinji resmi surata gabat gelýär.
Enjamyň agramy 122 gram, ölçegi 149.1×71.2×8,75 millimetr. Telefonyň iki reňkde – goýy gök we şampan reňk görnüşinde bolmagyna garaşylýar. Şeýle hem, smartfonda 720×1440 piksel bilen 5.45 dýuým ekran bolar. Onda sagat ýygylygy 1,4 GGs we 2 gigabaýt içerki ýady bolan ýekeje kristal ulgamy bar. Ol “Android 10” operasiýa ulgamy hökmünde gurnaldy, ýöne käbir maglumatlara görä, “Android 10 Go Edition” bolmagy hem mümkindir.
“Nokia TA-1335” 3 megapiksel öň kamerasy we 5 megapiksel esasy kamerasy bolar. Batareýanyň kuwwaty 2500 mAh. Smartfonyň resmi yglan edilmegi 15-nji dekabrda meýilleşdirilýär.
Ondan öň Nokia-nyň 2009-njy ýylda meşhur Nokia 6700 görnüşinde döredilen elýeterli 224 4G modelini hödürländigi habar berlipdi.