Budapeşt 2024-nji ýylda geçiriljek dünýä küşt olimpiadasyny kabul eder. Bu barada Halkara küşt federasiýasynyň (FIDE) metbugat gullugy habar berdi.

Habarlara görä, bu ýerdäki ses berişlik FIDE-niň Baş Assambleýasynyň mejlisinde geçirildi.

Budapeştde ikinji gezek Bütindünýä küşt olimpiadasyny kabul edýändigini bellemek gerek. Ýeri gelende belläp geçsek, ilkinji resmi däl küşt bäsleşigi 1926-njy ýylda Wengriýanyň paýtagtynda geçirilipdi.

Maglumat üçin, Bütindünýä küşt olimpiadasy FIDE agza toparlar üçin toparlaýyn ýaryşdy. Ilkinji resmi ýaryş 1927-nji ýylda Londonda geçirildi. 1950-nji ýyldan başlap, iki ýyldan bir gezek ýaryşlar geçirilip başlandy.

Soňky olimpiada 2018-nji ýylda Gruziýada geçirildi. Russiýa bu ýaryşy 2020-nji ýylda, Belarus 2022-nji ýylda geçirmegi meýilleşdirýärdi. Soňra Russiýada geçirilmegi meýilleşdirilýän bu ýaryş koronawirus pandemiýasy sebäpli 2021-nji ýyla yza süýşürildi. Belarus bolsa Bütindünýä küşt olimpiadasyny geçirmekden ýüz öwürdi.