26-njy sentýabrda Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde hem-de «Aşgabat» köp ugurly sport toplumynyň merkezi stadionynda ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 28 ýyllygyna bagyşlanan dabaralar geçirildi.
Baýramçylyk konserti «Şamçyragym, Arkadag!» atly watançylyk aýdym bilen başlandy. Soňra konsert «Dokmaçylar» folklor toparynyň «Arkadagym toý tutýar, toýumyza gel, toýumyza» atly kompozisiýa bilen dowam etdirildi. Bu çykyş uly türkmen toýuna mahsus bolan dabarany emele getirdi.
Ýaş türkmenistanlylaryň — «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» döredijilik bäsleşiginiň ýeňijileriniň çagalar aýdym-saz toparlarynyň çykyşlary baýramçylyk konsertine özboluşly öwüşgin çaýdy.
Şu konsertiň tapawutly aýratynlygy türkmen sungatynyň baý kuwwatyny şöhlelendirýän çykyşlaryň köp dürlüliginden ybaratdyr. Konsertdäki köp öwüşginli çykyşlar 2019-njy ýylyň «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» diýen şygary bilen berk baglanyşyklydyr.
Ýurdumyzyň meşhur döredijilik toparlary, belli halk aýdymçylary, opera ussatlary hem-de türkmen estradasynyň ýyldyzlary, folklor toparlary öz ussatlyklaryny görkezdiler. Garaşsyzlyk baýramy mynasybetli dabaralar agşam «Aşgabat» köp ugurly sport toplumynyň merkezi stadionynda dowam etdi. Bu ýerde Türkmenistanyň häzirki döwürde gazanýan üstünliklerini beýan edýän dürli mazmundaky çykyşlary özünde jemleýän aýdym-sazly baýramçylyk tomaşasy ýaýbaňlandyryldy.