Innopolis uniwersitetiniň neýrofizika we aň-bilim tehnologiýasy barlaghanasynyň işgärleri adaty bolmadyk futbolka döretdiler. “Hi-Tech.Mail.ru” -nyň habaryna görä, futbolka datçikleriň kömegi bilen myşsa işjeňligine gözegçilik edýär we ýerine ýetirilen maşklar barada maglumat ýygnaýar. Futbolka häzirki wagtda esasy myşsalaryň işine gözegçilik etmek ukybyna eýedir. Habarlara görä, tejribe synaglarynyň netijeleri häzirlikçe erbet däl.
Tejribeler bu maglumatlaryň maşklaryň ýerine ýetirilişindäki ýalňyşlyklary kesgitlemek üçin ulanylyp bilinjekdigini görkezýär. Täze “akylly” futbolkanyň aýratynlyklary hakynda laboratoriýanyň başlygy Aleksandr Hramow şeýle gürrüň berýär: “Biz henizem türgenler bilen synaglary dowam edýäris. Taslama gury ýer we suw sporty üçin hem peýdalanylyp bilner”.
Futbolkanyň kömegi bilen türgen hakyky tälimçä mätäçlik çekmeýär. Taslama hereketleriň dogrulygyna gözegçilik edýär.
Ýeri gelende belläp geçsek, 2017-nji ýylda Ýaponiýanyň “Xenoma” kompaniýasynyň adam hereketini ýazga almak we ykjam programma degişli maglumatlary geçirmek üçin döredilen birnäçe datçikli futbolka öndüripdi.
Gülnur ATAÝEWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky türkmen milli dünýä dilleri institutynyñ Iñlis dili we edebiýaty fakultetiniñ 110-njy toparynyñ talyby