Halkara futbol federasiýasy (FIFA) Mýunheniň “Bawariýasynyň” polşaly hüjümçisi Roberta Lewandowskini 2020-nji ýylyň iň gowy oýunçysy diýip ykrar etdi. Bu barada The Best FIFA Football Awards 2020 dabarasynda mälim edildi diýip, russian.rt.com habar berýär.
Bu möwsümde hüjümçi 17 oýunda 18 goly we bäş netijeli geçirimi bilen tapawutlandy. Ondan başga-da, baýraga “Barselonanyň” hüjümçisi Lionel Messi we “Ýuwentusyň” hüjümçisi Kriştianu Ronaldu dalaş etdi.
Iňlis “Liwerpulynyň” baş tälimçisi Ýurgen Klopp ýylyň iň gowy tälimçisi baýragyna eýe boldy. Nemes hünärmeni bu baýragy yzygider ikinji gezek gazanmagy başaran ilkinji tälimçi boldy. 2020-nji ýylda onuň ýolbaşçylygynda “Liwerpul” 30 ýylyň içinde ilkinji gezek Angliýanyň çempionatynyň altyn medallaryna eýe boldy.
Şeýle-de, FIFA 2020-nji ýylyň iň gowy derwezebanynyň adyny mälim etdi. Ol Mýunheniň “Bawariýasynyň” oýunçysy Manuel Noýer boldy. Ol ses berişlikde Madridiň “Atletikosynyň” derwezebany Ýan Oblakdan we iňlis “Liwerpulynyň” derwezebany Alisson Bekerden öňe geçdi.
Iňlis “Tottenhem Hotspuryň” koreýaly hüjümçisi Son Hyn Min ýylyň iň owadan golunyň awtory hökmünde Ferens Puşkaş baýragyna eýe boldy. Son Hyn Miniň 2019-njy ýylyň 7-nji dekabrynda geçirilen Angliýanyň Premýer ligasynyň oýnunda “Bernliniň” derwezesine girizen pökgüsi iň owadan gol diýlip kabul edildi. Baýraga dalaşgärleriň üçlüginde ispan “Barselonasyndan” Luis Suares we Braziliýanyň “Flamengo” klubyndan Jorjian De Arraskaeta bardy.