“RBK”-nyň habaryna görä, Fransiýanyň prezidenti Emmanuel Makrona koronawirus kesel netijesi goýuldy. Onuň wirus üçin beren test nusgalary oňyn netije berdi.

Elis köşgüniň esaslansak, Makron keseliň ilkinji alamat dowam edýän wagtynda synagdan geçdi. Şol sebäpli hökümet resmi habarlarda: “Ýurduň ähli raýatlaryna degişli bolan häzirki sanitariýa düzgünlerine laýyklykda, Fransiýanyň prezidenti ýedi gün izolýasiýa ýagdaýyna girer. Ol izolýasiýa wagtynda uzakdan işlemegini dowam etdirer “-diýdi.

Häzirki wagtda Makron koronawirusa ýokaşan “uly ýediligiň” üçünji lideridir. Ondan öň ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp we Beýik Britaniýanyň premýer-ministri Boris Jonson koronawirus bilen keselläpdi.

Ýeri gelende belläp geçsek, Fransiýada 15-nji dekabrdan başlap 20:00-dan 06:00-a çenli komendantlyk sagady yglan edildi. Maglumatlara görä, komendantlyk sagady Täze ýyl gijesinde dowam eder.