“France Football” neşiri futbol taryhynyň iň gowy hüjümçilerini saýlady.
Iň oňat sag ganat hüjümçisi- Lionel Messi (“Barselona”, Argentina);
Iň oňat çep ganat hüjümçisi – Kristianu Ronaldu (“Ýuwentus”, Portugaliýa);
Iň gowy merkezi hüjümçi – Ronaldo (Braziliýa).
Bu ajaýyp toparyň häzirki oýunçylarynyň arasynda diňe Ronaldo we Messi bar.
Neşir 3-4-3 shemasy boýunça ähli döwürleriň simwoliki toparyny döretdi. Ýeňijiler “Altyn top” baýragynyň ses berişligine gatnaşjak 140 žurnalistiň arasyndaky pikir soraşmanyň üsti bilen kesgitlenildi.
Bulardan öň ähli döwürleriň iň gowy derwezeçisi, iň gowy goragçysy we ýarymgoragçylary kesgitlenilipdi.