“Meduza”-nyň habar bermegine görä, Hytaýyň “Chane-5” kosmiki gämisi Aýyň üstünden toprak nusgalaryny öz içine alýan kapsula iberdi.
Hünärmenler Içki 300 kilogramlyk kapsulany Mongoliýa awtonom sebitinden tapdylar. Bu ýere Hytaý baýdagy dikildi.
Hytaýyň prezidenti Si Szinpin ähli gatnaşyjylary missiýanyň tamamlanmagy bilen gutlady. Modulyň Ýere gaýdyp gelmegi, üç fazany öz içine alýan Aý gözleg meýilnamasynyň üstünlikli tamamlanandygyny aňladýar. Ýagny olar Aýyň daşyndan aýlanmak, tebigy hemra gonmak, Aý topragynyň nusgalaryny Ýere gowşurmakdyr. “Sinhua” habar gullugynyň habaryna görä, bu maksatnama 2004-nji ýylda işe girizilipdi.
Hytaý “Chane-5” kosmiki gämisini Aýdan tozan ýygnamak we Ýere ibermek üçin noýabr aýynda Aýa iberipdi. 1-nji dekabrda kosmos gämisi Aýyň ýüzüne üstünlikli gondy, şondan soň toprak nusgalaryny ýygnap başlady. Şeýle hem, “Chane-5” tebigy hemranyň üstünde Hytaýyň baýdagyny galdyrdy.
Hytaýdan ozal diňe iki ýurt, ABŞ we öňki Sowet Soýuzy Aý topragyny Ýere getirmegi başarypdy. Taryhdaky iň soňky Aý missiýasy bolsa 1976-njy ýylda tamamlanypdy.
2019-njy ýylyň aprelinde Hytaýyň, beýleki köp ýurtlar bilen bir hatarda öz adamyny Aýa gonmak mümkinçiligine seredýändigi mälim edilipdi.