Koronawirus pandemiýasy sebäpli ýewropalylara Täze ýyl bellemek üçin mümkin boldugyça köçelere ýygnanmagy maslahat berilýär. Şeýle teklip Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň (BSGG) dynç alyşyň öňüsyrasynda ýörite berlen teklipleriniň biridir. Bu barada “RBK” habar berýär.

Teklipde “Mümkin boldugyça köçä ýygnanmaly, agyz-burun örtüklerini dakynmaly we howpsuz aralygy saklamaly” diýilýär. Baýramçylyklary içerde belläniňizde, gaty köp adamyň ýokdugyna we otagyň gowy şemalladylandygyna göz ýetiriň – bu ýokuşma howpuny azaldar.

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy, myhmanlar az bolsa-da, ýapyk dabaralaryň howplydygyny düşündirýär: sebäbi olara, adatça dürli ýaşdaky we dürli maşgaladan bolan adamlar gatnaşýar.

Guramanyň habaryna görä, koronawirus ýokançlygynyň öňüni almak çäreleriniň ýerine ýetirilmezligi sebäpli “COVID-19” 2021-nji ýylyň ilkinji hepdelerinde we aýlarynda Ýewropada ýene-de güýçlenmegi mümkin. Şol sebäpli hem, BSGG pandemiýanyň mundan beýläk-de ýaýramak howpuny azaltmak üçin hökümetlere käbir teklipleri berdi.

Maglumat hökmünde belläp geçsek, Ýewropa ýurtlarynyň ençemesi Täze ýyl baýramçylygy bilen baglanyşykly çäklendirmeleri girizdi. Hususan-da, 16-njy dekabrdan Angliýanyň paýtagty London şäherinde COVID-19 koronawirus ýokançlygynyň ýaýramagy bilen baglanyşykly üçünji – iň ýokary çäklendiriji çäreler güýje girdi. Germaniýadaky koronawirus bilen baglanyşykly kyn ýagdaý sebäpli 16-njy dekabrdan iň azyndan 10-njy ýanwara çenli dowam etjek berk karantin çäreleri girizildi.