Şu gün irden ýurdumyzyň Baş meýdançasynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 28 ýyllygyna bagyşlanan dabaraly harby ýöriş geçirildi.
Däbe öwrülen bu dabaraly harby ýöriş diňe goranyş häsiýetine eýe bolan Harby doktrinamyzyň çäklerinde, Garaşsyz, Bitarap ýurdumyzyň milli goşunynyň ägirt uly kuwwatyny dünýä jemgyýetçiliginiň öňünde dabaralandyrdy.
Hemişekiler ýaly, bu gezek hem dabaraly harby ýörişiň başyny baýdak göteriji topar açdy. Aýratyn hormat garawuly batalýonynyň harby gullukçylary Baş meýdançadan Türkmenistanyň Döwlet baýdagyny hem-de milli Ýaragly Güýçlerimiziň ähli goşun görnüşleriniň baýdaklaryny göterip, sazlaşykly hereketler bilen geçdiler. Ýurdumyzyň Baş münberiniň öňünde ähli goşun görnüşleriniň harby gullukçylarynyň, harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýokary okuw mekdepleriniň harby talyplarynyň hem-de Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Berdimuhamet Annaýew adyndaky 1-nji Ýöriteleşdirilen harby mekdebiniň harby okuwçylarynyň özboluşly görnüşi emele getirýän aýgytly gadamlary dabaraly sazyň joşgunly owazyna sazlaşýan nyzamly ýöriş bilen utgaşdy.