“Mançester Ýunaýted” golaýda premýer-liganyň 13-nji tapgyrynda “Şeffild Ýunaýted” bilen geçirilen oýunda ýeňiş gazandy (3:2).

Mançesterliler Angliýanyň premýer-ligasynda yzly-yzyna alty oýunda üç ýa-da has köp pökgi geçiren taryhda ilkinji topar boldy.

Topar yzly-yzyna on oýunda 2+ pökgi geçirmegi başardy. Beýle rekord netije iň soňky gezek 1960-njy ýylda Tottenhem tarapyndan ýazga alnypdy.

Ole-Gunnar Sulşeriň ýolbaşçylygyndaky bu topar 13-nji tapgyrdan soň 23 utuk bilen 6-njy ýerde barýar.