“Korrespondent.net”-iň Gazagystanyň premýer-ministriniň habarlar gullugynyň maglumatlaryna esaslanyp habar bermegine görä, Gazagystan meýletinçilere ýerli koronawirus waksinasy “QazCovid”-i sanjym edip başlady.
Sanjym ediş işleriniň depgini we ýerli waksinanyň aýratynlyklary hakynda premýer-ministriň ýöritw web sahypasynda şeýle bellenýär: “Şu güne çenli ylmy-gözleg instituty ýerli “QazCovid” sanjymynyň I we II tapgyr kliniki synaglaryny geçirdi. Bu günki günde bolsa, Saglygy goraýyş ministrligi 3000 meýletinçi bilen gutarnykly III tapgyr kliniki synagynyň başlanmagyny tassyklady. 19-njy dekabrda ilkinji meýletinçiler Almaty we Tarazdaky gözleg institutlarynda we klinikalarynda ýerli sanjym bilen sanjym edildi”.
Galyberse-de web sahypasynda 3000 meýletinçiniň sanjymynyň 2020-nji ýylyň dekabr aýynyň ahyryna çenli tamamlanjakdygy bellenilýär. Şu ýylyň ahyryna çenli ýurtda III tapgyrdaky synaglar üçin 10 000 doza sanjym toplumy öndüriler.
Ýeri gelende belläp geçsek, Gazagystanda “QazCovid” sanjymynyň kliniki synaglarynyň sentýabr aýynyň ortalarynda başlapdy.