Fransiýada ýaşaýan Romen Wandendorp buzda 2,5 sagatdan gowrak durup, dünýä rekordyny täzeledi. Bu barada “La Voix du Nord” habar berýär.
Neşiriň habaryna görä, 34 ýaşly saglyk işgäri iki ýyllap “fiziologiýasyny gowulaşdyrmak” üçin – gyşyň sowuk wannalaryndan başlap, Alp daglaryndaky sporta türgenleşiklerinde hem tälim aldy. ýörite rekordy täzelemek maksady bilen Romen buzdan doldurylan açyk gaba düşdi. Şol wagtda gabyň içindäki temperatura minus 18 gradusa ýetdi. Synag Ginnesiň Rekordlar kitabynyň wekilleri we iki sany garaşsyz synçy tarapyndan hasaba alyndy.
Rekordçy buzly gapda 2 sagat 35 minut 33 sekunt durmagy başardy. Ol rekord derejäni gazanandan soň, gapdan çykanda köp sanly üýtgeşmeleriň bolandygyny boýun aldy. Onuň sözlerine görä, synagyň ilkinji sagadynda ol öz-özüni gözegçilikde saklap başardy. Romen öz amala aşyran işi hakynda: “Men örän şat. Indi meniň pikirimçe, bu ajaýyp işi etmek üçin supermen bolmaly däldigiňiz subut edildi “-diýdi.
Aýdylmagyna görä, rekord eýesi öz üstünligini beriljek baýragy rak kesellerine garşy göreşmäge bagyşlady.