Halkara syýahatçylygy 2020-nji ýylyň soňky 10 aýynda 1990-njy ýyl bilen deňeşdirende 70% -den gowrak azaldy. Bu barada Birleşen Milletler Guramasynyň Bütindünýä Syýahatçylyk Guramasyna (UNWTO) salgylanyp, “Interfaks” habar berýär.

2020-nji ýylda halkara syýahatçylygynyň 72% pese düşmegi syýahat çäklendirmeleri, sarp edijileriň gorkusy we koronawirusyň ýaýramagynyň öňüni almak boýunça global göreş bilen baglanyşyklydyr. Bularyň hemmesi şu ýyl syýahatçylyk taryhynyň iň erbet ýyly boldy. Iň soňky maglumatlara görä, ýanwar-oktýabr aýlarynda dünýäde 2019-njy ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 900 million az syýahatçy kabul edildi.

Hasabata görä, bu halkara syýahatçylygynda 935 milliard dollarlyk eksport girdejisiniň ýitmegine sebäp bolup, 2009-njy ýylda dünýä ykdysady krizis sebäpli bu pudaga ýetirilen zyýanyň 10 essesidir.

Häzirki statistikalara görä, ýylyň ahyryna çenli halkara syýahatçylarynyň sanynyň bir milliard ýa-da 70-75% azalmagyna we 30 ýyl ozalky derejesine gaýdyp gelmegine garaşylýar. Ýurtlaryň senagaty 1,1 trillion dollar girdeji ýitirdi. Şeýle düýpli pese gaçmak dünýäniň jemi içerki önümini 2 trillion dollar azaltdy.

Esasan hem Aziýa-Ýuwaş umman sebitine syýahatçylaryň sany ep-esli azaldy – 10 aýyň içinde 82 göterim. Pese gaçyş Ýakyn Gündogarda 73 göterim, Afrikada 69 göterim boldy. Ýewropa we Amerika halkara syýahatçylygy 68 göterim azaldy. Syýahatçylygyň bahasy baradaky maglumatlar halkara syýahatyna islegiň henizem pesdigini görkezýär. Şeýle-de bolsa, ABŞ, Germaniýa we Fransiýa syýahatçylyk bazarlary dikelişiň käbir alamatlaryny görkezýär. Mundan başga-da, Russiýada, Hytaýda we käbir beýleki ýurtlarda içerki syýahatçylyga bolan islegler artýar.

UNWTO-nyň çaklamalaryna görä, 2021-nji ýylyň ikinji ýarymyna syýahatçylyk bölekleýin dikeldilip bilner. Emma 2019-njy ýylda halkara derejesine gaýdyp gelmek 2,5 ýyldan 4 ýyla çenli dowam eder.

Bulardan başga-da, “Sanjymlaryň başlandygy baradaky habar sarp edijileriň syýahat islegini artdyrar, ýöne pudagyň dikeldilmegi üçin entek köp ýoly basyp geçmeli. Ýurtlar serhetleri goramak, syýahatçylyk guramalaryna we kärhanalara goldaw bermek üçin tagallalary güýçlendirmeli. Sebäbi syýahatçylyk pudagy ykdysadyýetiň pudaklarynyň arasynda iň köp zyýan çekendigi has düşnüklidir “-diýip, UNWTO-nyň başlygy Zurab Pololikaşwili gürrüň berýär.