Gabygyndan başlap, dänesine çenli peýdaly miweleriň ýene biri nardyr. Nar “C”, “B”, “B1” ýaly witaminlere baýdyr. Onuň gabygy çaý ýaly demlenip içilende, aşgazan hem-de içege kesellerine garşy örän peýdalydyr. Suwy bolsa böwrek hem-de bagyr kesellerine garşy göreşmekde ulanylýar. Mundan başga-da gan basyşyna we ýürek agyrylaryna derman bolýar. Naryň özi bolsa ýüregi kuwwatlandyrýar, bagyry goraýar, süýji keseline garşy göreşýär.
Naryň düzüminde aminokislotalaryň 15 görnüşi bar. Şeýle-de ol C,A,B,PP witaminlerine we kaliýe baýlygy bilen tapawutlanýar.
***
Naryň, adamyň ganynynyň düzümindäki gemoglobiniň mukdaryny artdyrmakda peýdasy köpdür. Haçan-da ganazlyk keseli howp salsa, nar iýmek maslahat berilýär.
***
Naryň düzüminde alma we limon kislotalary hem bardyr. Şoňa görä-de aşgazan keseli bilen kesellän adamlara iýmek maslahat berilmeýär.
***
Nardan kosmetikada ulanmak üçin ýag hem taýýarlanylýar. 1 litr nar ýagyny taýýarlamak üçin ortaça 500 kilogram nar gerek.
***
Nargan-damar ulgamynyň kesellerini bejermek üçin hem-de organizimi dikeltmek üçin giňden ulanylýar.
***
Naryň gabygy gaýnadylyp içilen ýagdaýynda iç geçme keseline peýdalydyr.
***
Geçirilen barlaglara görä naryň suwy içilen ýagdaýynda prostat yragyna garşy bedeni gorar.
***
Azerbaýjanda her ýylyň 26-njy oktýabrynda naryň baýramçylygy bellenilip geçilýär. Bu ýurtda naryň ähli sorty ösdürip ýetişdirilýär.
***
Hytaýda durmuş toýlaryna naryň şekili çekilen suratlary sowgat bermegi dogry hasaplapdyrlar.