Paýtagtymyzda “Ýylyň parlak ýyldyzy” döredijilik bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi.

Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi, Medeniýet ministrligi hem-de Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti tarapyndan bilelikde guralan bu bäsleşik welaýatlaryň derejesinde saýlama tapgyrlaryny öz içine alýar.

Soňra bäsleşigiň nobatdaky tapgyry başlandy. Onuň netijeleri gönüden-göni tomaşaçylara bagly boldy. Ýaş aýdymçylara köpsanly tomaşaçylaryň öňünde –“Türkmen owazy” teleradioýaýlymynda çykyş etmek mümkinçiligi döredildi.

Şol döwürde teletomaşaçylar hem-de radiodiňleýjiler ýaş aýdymçylaryň çykyşlary arkaly olaryň zehinine baha bermek hem-de SMS habarlarynyň we telefon jaňlarynyň kömegi bilen ol ýa-da beýleki ýerine ýetirijä öz sesini bermek mümkinçiligine eýe boldular. Bu çäräniň dowamynda oňa giň köpçüligiň çekilmegi jemleýji tapgyra aýdym-saz sungatynyň parlak ýyldyzlarynyň gatnaşmagyna ýardam etdi. Olaryň iň gowularynyň onusy jemleýji tapgyra gatnaşmak üçin seçilip alyndy.

Bäsleşigiň şertlerine laýyklykda, bäsdeşler iki aýdymy, özi-de, bir aýdymy sazsyz ýerine ýetirdiler. Munuň özi emin agzalaryna aýdymçylaryň sesine doly baha bermäge mümkinçilik döretdi. Şeýle synag ýaş aýdymçylaryň artistlik ussatlygyny, tomaşaçylaryň göwnünden turmak başarnygyny ýüze çykarmaga kömek etdi.

Aýdym-sazly bäsleşik birnäçe sagada çekdi, onuň barşynda ses bermek dowam etdirildi.

Ses bermek tamamlanandan soň, alypbaryjylar bäsleşigiň netijelerini yglan edýärler. Bäsleşigiň bütin dowamynda öňdeligi ynamly eýelemegi başaran ýaş zehinli aýdymçy Leýli Ökdirowa bu döredijilik bäsleşiginiň ýeňijisi boldy we “Ýylyň parlak ýyldyzy” adyna eýe boldy. Diňe bir tomaşaçylar däl, eýsem, emin agzalary hem sesleriniň köpüsini oňa berdiler.

Ýeňijä “Ýylyň parlak ýyldyzy” göçme kubogy hem-de höweslendiriji pul baýragy gowşuryldy.