“Apple” indiki ýyl öz elektrik awtoulagyny öndürer. Bu barada “Economic Daily” habar berýär.
Çeşmä görä, Taýwanyň “Heda”, “BizLink-KY”, “Heqin” we “Tomita” kompaniýalary 2021-nji ýylyň ikinji çärýeginde elektrik ulaglary üçin komponentleriň önümçiligini artdyrmagy meýilleşdirýärler. Deslapky maglumatlara görä, “Apple Car” -iň komponentleri bu kompaniýalar tarapyndan üpjün ediler. Şonuň netijesinde bolsa, kompaniýanyň özünde awtoulaglaryň diňeje ýygyn işleri amala aşyrylar.
Habar berilmegine görä, häzirki wagtda elektrik awtoulaglarynyň synag görnüşleri eýýämden Kaliforniýada synagdan geçirilýär. Olaryň tanyşdyrylyşy indiki ýylyň sentýabr aýynda geçirilmegi meýilleşdirilýär. Bilýän bolsaňyz, “Apple” elektrik awtoulaglaryny öndürmek maksady bilen 2017-nji ýylda synag üçin rugsat aldy.
Kompaniýa 2019-njy ýylda elektrik awtoulagynyň önümçiligini ýola goýmagy meýilleşdirýärdi. Taslama “Titan” diýlip atlandyryldy we ony durmuşa geçirjek işgärleriň sany 600-den 1800-e çenli ýokarlandyrylypdy. Emma kompaniýanyň bu meýilleri näme üçindir ýola goýulmady. Beýle diýildigi onuň indi hiç wagt awtoulag öndürmez diýildigi däl. Ol öz maksadyna täze 2021-nji ýylda ýetmegi meýilleşdirýär.