Hytaýyň elektronika tehnologiýasynyň iň bir gigant öndürijisi “Xiaomi” taryhda ilkinji gezek 100 milliard dollardan gowrak bazar kapitalyna eýe boldy.

23-nji dekabrda Gonkongdaky söwda öýünde kompaniýanyň paýnamalary 7,6 göterim ýokarlanyp, 4.1 dollara ýetdi. Netijede, kompaniýanyň bazar bahasy 103 milliard dollara ýetdi. Bu bolsa kompaniýanyň ykdysady görkezijileriniň sanlyja ýylda birnäçe esse ýokarlanandygyny görkezýär.

2020-nji ýylyň awgust aýynda Xiaomi-iň paýnamalary sentýabr aýynda “Hang Seng” indeksine girizilendigi yglan edilenden soň birden ýokary derejä göterildi. Şondan bäri kompaniýanyň paýnamasy azyndan iki esse artdy.

Maglumat hökmünde belläp geçsek, “Xiaomi” 2010-njy ýylda esaslandyryldy we smartfonlar, planşetler, akylly tehnologiýalary öndürmek bilen meşgullanýar.