Dünýädäki iň uly ýaşly Sin-Sin lakamly panda Hytaýyň haýwanat bagynda aradan çykdy. Bu barada “New York Post” habar berdi.
Sin-Sin 38 ýaşynda poliorgan ýetmezçiliginden aradan çykdy. Adam durmuşy bilen deňeşdirilende bu ýaşuly panda 130 ýaşyndady. Hytaý pandaçylyk taryhynda Sin-Sin 36 pandanyň “gahryman-enesi” hökmünde hem bellidir.
Umuman aýdanyňda, dünýäde 1900-den gowrak uly ýaşly panda bar. Olaryň köpüsi Hytaýyň günorta-günbataryndaky maýyl howaly tokaýlarda ýaşaýarlar.
Ýeri gelende belläp geçsek, ondan öň iň uly we iň garry panda 37 ýaşyna ýeten Basi 2017-nji ýylda böwrek ýetmezçiligi, bagyr serrozy we beýleki keseller sebäpli aradan çykypdy.