Jon Hopkins uniwersitetiniň (ABŞ) maglumatlaryna görä, şu wagta çenli dünýäde 79 milliona golaý adama koronawirusa ýokaşdy. Bu barada “TVS’ habar berýär.
Häzirki wagtdaky hasaplamalara esaslansak, koronawirus kesel netijesi bilen aradan çykanlaryň sany 1,73 milliondan geçdi. Emma keselden sagalan adamlar hem az däl. “COVID-19”-dan 53 million näsag doly gutuldy. Aýdylanlardan görnüşi ýaly, dünýä ilatynyň 1 göteriminden gowragynyň koronawirusa zeperlenendigini aňladýar.
Iň soňky maglumatlara görä, Ukrainada we Peruda koronawirus pandemiýasy bilen kesellänleriň sany bir milliondan geçdi. Häzirki wagtda näsaglaryň iň köp sany ABŞ-da (18,4 million), Hindistanda (10,1 million) we Braziliýada (7,3 million) hasaba alyndy.
“COVID-19” ýokaşan näsaglaryň sany boýunça bir million näsagly döwletleriň sanawyny Russiýa (2,9 million), Fransiýa (2,5 million), Angliýa (2,1 million), Türkiýe (2 million), Italiýa (1,9 million) bar. ), Ispaniýa (1.8 million), Germaniýa (1,6 million), Argentina (1,5 million), Kolumbiýa (1,5 million), Meksika (1,3 million), Polşa (1,2 million) we Eýran (1,1 million) ýaly ýurtlar doldurýar.