Angliýa we Ýewropa Bileleşigi Breksitden soňky hyzmatdaşlygyň şertleri barada ylalaşdylar. “Meduzanyň” habarlar gullugynyň maglumatlaryna görä, bu barada Angliýanyň premýer-ministri Boris Jonsonyň edarasy tarapyndan habar berildi.
Boris Jonsonyň edarasy beýannamada: “Bu şertnama Iňlis halkyna 2016-njy ýyldaky referendumda we geçen ýylky parlament saýlawlarynda berlen ähli wadalary ýerine ýetirmäge mümkinçilik berer” -diýdi.
Mundan başga-da, hut Boris Jonsonyň özi başam barmaklary bilen suratyny ýerleşdirdi we “Ylalaşyga gol çekildi” diýip twitterde ýazdy.
Ýewropa Bileleşigi bilen Angliýanyň arasyndaky şertnama söwda, ulag, balykçylyk, energiýa, howpsuzlyk hyzmatdaşlygy we başgalar ýaly geljekdäki gatnaşyklary öz içine alýar.
Ylalaşyk 2021-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan güýje girer. Ylalaşyk gol çekilmedik bolsa, Angliýa we ÝB-i 2021-nji ýyldan başlap erkin söwdadan paç we kwota söwdasyna geçerdi, bu bolsa iki tarapyň hem işine ýitgä sezewar bolardy.
Ýeri gelende belläp geçsek, Angliýanyň halky 2016-njy ýylda geçirilen referendumda Ýewropa Bileleşiginden çykmak üçin ses berdi. London we Brýussel 2017-nji ýylyň iýun aýynda “Breksit” diýlip atlandyrylýan çykyş gepleşiklerine başlady. Birnäçe wagtlap gijä galandan soň, Angliýa 2020-nji ýylyň 1-nji fewralynda Ýewropa Bileleşiginden çykdy. Täze söwda şertnamasyna gol çekilmezden ozal taraplar Ýewropa Bileleşiginiň Angliýa üçin umumy söwda düzgünlerini ulanmak barada ylalaşypdylar. Ylalaşyk 2020-nji ýylyň 31-nji dekabrynda gutarmalydy.

RU












