Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy koronawirus pandemiýasy bilen baglanyşykly ýagdaýyň ösüşiniň häzirki wagtda ýitileşendigini aýdýar. Ýöne gurama dünýä pandemiýanyň soňuna çykmak üçin ýoluň ortasynda diýip hasaplaýar. Bu barada Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň Ýewropa bölüminiň müdiri Hans Klugäniň maglumatlaryna esaslanyp “Korrespondent.net” habar berýär.

Koronawirus pandemiýasy we onuň ýaýrawy, öňüni alyş çärelerini, waksinasiýa işini alyp barmagyň ähmiýeti, wirusyň soňuna çykmak boýunça öňde goýlan maksatlar dogrusynda býuronyň müdiri: “Şeýle wiruslaryň takmynan iki ýylda gowşaýandygy barada umumy bilim bar, şonuň üçin biz häzir ýoluň ortasynda” diýdi.

Kluge Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň koronawirus bilen baglanyşykly şertleriň ösüşini çaklamagynyň kyn bolýandygyny, sebäbi bu ýagdaýyň netijelerini öňünden aýdyp bolmaýandygyny aýtdy.

Pandemiýa öňüni alyş çärelerini, karantini we wirusa garşy sanjymlary işjeň ulanmak bilen peselip başlar. Bu çäreler biraz gowşak alnyp barylsa, hassalaryň sanynyň çalt köpelmegi mümkin.