Moldowanyň täze prezidenti Maýa Sandu 24-nji dekabrda kasam kabul edip resmi taýdan işe başlady. Bu barada “Interfax” habar berdi.

“Moldowa Respublikasynyň gülläp ösmegi, ýurduň konstitusiýasyna we kanunlaryna boýun bolmak, demokratiýany, esasy adam hukuklaryny, özygtyýarlylygy, garaşsyzlygy we territorial bitewiligini goramak üçin ähli güýjümi we bilimimi ulanmaga kasam edýärin” – diýip zenan prezident Maýa Sandu ant içdi.

Açylyş dabarasy Moldowanyň mejlisiniň we Konstitusiýa kazyýetiniň bilelikdäki mejlisiniň çäginde geçirildi.

15-nji noýabrda geçirilen saýlawlaryň netijelerine görä, Maýa Sandu 57,72 % göterim ses aldy, öňki prezident Igor Dodon bolsa 42,28 % ses aldy.

Ýeri gelende belläp geçsek, Igor Dodon täze prezidentiň kasam kabul ediş dabarasyna gatnaşmakdan ýüz öwürdi.