Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde ýerleşýän we dünýäde iň beýik bina bolan Burj-Halife binasynyň ýüzünde türkmen baýdagynyň şekili janlandyryldy. Bu waka Täze ýyl baýramçylygynyň bellenýän gijesinde emele geldi.

Dünýäniň iň uly binasynda “Täze ýylyňyz gutly bolsun!” ýazgysy ýazyldy.

Mälim bolşy ýaly, soňky 2 ýyldan bäri Dubaý şäherindäki Burj-Halife binasy ýurdumyzyň mukaddes Garaşsyzlyk günlerinde Türkmenistanyň baýdagynyň reňkinde öwüşgin atýar.