Saud Arabystany koronawirusyň täze ştammynyň ýaýramagy sebäpli yglan edilen ýurda girmek baradaky gadaganlygy ýatyrdy. Bu barada Saud Arabystanynyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy habar berýär.

Bu gadaganlyk ýerli wagt bilen sagat 11: 00-da ýatyryldy. Saud Arabystanynyň raýatlary bolmadyklar 2 hepde karantin çäresiniň dowamynda koronawirusyň “Iňlis” ştammy bolmadyk ýagdaýynda islendik ýurda girip bilerler. Şeýle hem, COVID-19 üçin Hytaý Halk respublikasynyň raýatlary koronawirus synagyndan geçmeli bolarlar .

Wirusyň täze ştammynyň baryp ýeten ýurtlarynyň raýatlary 3-14 günüň dowamynda karantin edilmeli. HHR-iň raýatlarynyň synagyny iki gezek geçirmeli – birinjisi ýurda gireninde, ikinjisi – karantinadan soň.

Ýeri gelende belläp geçsek, ýerli saglyk bölüminiň başlygy Matt Hankok 14-nji dekabrda Angliýada koronawirusyň täze ştamynyň ýüze çykarylandygyny, bu keseliň ýurduň käbir ýerlerinde ýaýramagyny çaltlaşdyrandygyny aýtdy. Netijede, Saud Arabystany 21-nji dekabrda halkara gatnawlaryny togtatdy. Gury ýer we deňiz serhetlerini wagtlaýyn ýapypdy.