Awstraliýanyň premýer-ministri Skott Morisson ýerli halkyň hormatyna ýurduň döwlet gimninde bir sözüň üýtgedilendigini habar berdi. Täze ýyl ýüzlenmesinde 2020-nji ýyldan soň milletiň jebisligini pugtalandyryljakdygy hakynda aýdyldy. Bu barada “The Guardian” habar berdi.

Gimniň ikinji setiri “Biz ýaş we erkin” indi “Biz bir we erkin” sözleri bilen aýdylýar. Awstraliýa ştaty birneme ýaş bolsa-da, iňlisleriň gelmezinden ozal müňlerçe ýyl bäri ýerli siwilizasiýa bar diýilýär. Şonuň üçin sözler üýtgedildi.

Bu pikiri Täze Günorta Uelsiň häkimi Gladys Berejiklian öňe sürdi. Gimni üýtgetmek Awstraliýa mejlisiniň iki palatasy tarapyndan hem goldanyldy.

Ýeri gelende belläp geçsek, “Bagtyýar, owadan Awstraliýa” aýdymy 1878-nji ýylda ýazylypdy. Bu aýdym 1984-nji ýyldan bäri döwlet gimni bolup gelýär. Ozal Awstraliýada “Hudaý şa aýaly ýalkasyn” aýdymy döwlet gimni hökmünde ýerine ýetirilerdi.