Tesla kompaniýasynyň baş direktory Ilon Mask Jeff Bezosdan öňe geçip, dünýäniň iň baý telekeçisi boldy. Bu barada “Meduza” habar berýär.

Elektrik awtoulag kompaniýasynyň paýnamalarynyň köpelmegi netijesinde dünýädäki iň baý adamlaryň onlaýn baýlygyny yzarlaýan “Bloomberg milliarderler indeksinde” Mask birinji orunda durýar.

“Bloomberg” onuň baýlygynyň 188,5 milliard dollardygyny çaklady. Bu Bezosdan 1,5 milliard köp diýmekdir.

“CNBC” teleýaýlymy Jeff Bezosyň baýlygynyň 184 milliard dollardygyny çaklady we Bezosyň 2017-nji ýyldan bäri milliarderleriň sanawynda birinji orunda durandygyny mälim etdi.

Hasabata görä, 2020-nji ýylda Teslanyň paýnamalary 743% ýokarlandy. Paýlar 2021-nji ýylda ösmegini dowam etdirer. Elektrik awtoulag kompaniýasynyň paýnamalary 7-nji ýanwarda söwdada ýene 4,8 göterim ýokarlandy.

2020-nji ýylyň başyndan bäri, Tesla paýnamalarynyň köpelmegi sebäpli Ilan Maskyň baýlygy 150 milliard artdy. “Bloomberg” -iň habaryna görä, soňky wagtlardaky telekeçileriň baýlygynyň ýokarlanmagyny iň çalt ösüş hasaplamak bolar.

“Bloomberg”-iň çaklamalaryna esaslansak, Jeff Bezos aýaly Makenzie Skott bilen aýrylyşmanda, dünýäniň iň baý adamlarynyň sanawynda Maskdan has öňde bolardy. Ýeri gelende belläp geçsek, bu kararyň netijesinde Bezos aýalyna öz baýlygyndan uly paý bermäge mejbur boldy. Aýrylaşanyndan soň bolsa, Makenzie Skott bu pullary haýyr-sahawat işlerine bagyşlady.