Metro habarlar gullugynyň maglumatlaryna görä, Ginnesiň rekordlar kitabyna birnäçe gezek girizilen hýustonly Aýanna Williams dünýädäki iň uzyn dyrnaklaryny satmak isleýändigini mälim etdi.

2017-nji ýylda Williamsyň dyrnaklarynyň Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi. Aýanna olary 1992-nji ýyldan bäri kesmedi. Häzirki wagtda dyrnaklaryň uzynlygy 97 santimetr.

54 ýaşly aýalyň pikiriçe, agtyklary onuň dyrnaklaryny halaýarlar. Şeýle-de bolsa, uzyn dyrnaklar oňa köp oňaýsyzlyk döredýär. Sebäbi towlanyp ýatan bunuzlar sebäpli Aýanna gündelik işlerinde hem kömege mätäçlik duýýar.

Alty ýyl ozal adamsy bilen aýrylyşandan soň, Aýannanyň durmuşy has hem kynlaşdy.

Şeýle-de bolsa, Aýanna dyrnaklaryny azyndan 47 000 dollara satmak niýetinden ýüz öwürmeýär.

Bu babatda ginnesçi: “Men bu karary bir ýyl ozal kabul etdim, ýöne ony diňe ýokary pula sataryn. Alyjy tapýançam, olary kesmerin”-diýdi.

Neşiriň bellemegine görä, häzirki wagtda dyrnaklaryň iň ýokary bahasy 100 dollar töweregi bahalanýar.