“Türkmenhowaýollary” agentligi “A330-200” kysymly “P2F” görnüşli iki sany ulanylan ýük howa gämisini satyn almak barada Fransiýa Respublikasynyň “Airbus S.A.S.” kompaniýasy bilen şertnama baglaşar.

Bu resminama “Türkmenistanyň raýat awiasiýasyny ösdürmegiň 2012-2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnamasynda” göz öňünde tutulan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek we ýük gatnawlarynyň möçberlerini artdyrmak maksady bilen kabul edildi.