Ýakyn iki ýylyň dowamynda “SOCAR Trading” (Azerbaýjan) kompaniýasy Türkmenistanda Önümi paýlaşmak hakynda Şertnamanyň şertlerinde iş alyp barýan Malaýziýanyň “Petronas” kompaniýasyndan iki million tonna nebit satyn alar. Bu barada ýurdumyzyň nebitgaz toplumynyň saýtynda bellenilip geçilýär.
Azerbaýjan kompaniýasy “Petronas”-yň Gyýanly nebit ýataklaryndan çykarylýan nebit çig malyny satyn almak boýunça bäsleşiginde ýeňiji boldy. Şertnama iki ýyl möhlet bilen baglaşyldy we möhletini uzaltmak mümkinçiligine eýe boldy, diýip “Trend” agentligi habar berýär.
Öň, “SOCAR Trading” şeýle hem “Eni Turkmenistan” kompaniýasynyň 2021-nji ýylda Ekerem käninden çykaryljak 500 müň tonna nebit çig malyny satyn almak bäsleşiginde hem ýeňiji bolupdy.