13-nji ýanwarda Türkmenistanyň we Hindistan Respublikasynyň Daşary işler ministrleriniň arasynda iki ýurduň DIM-niň orunbasarlarynyň derejesinde syýasy geňeşmeler sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly geçirildi.

Duşuşykda türkmen wekiliýetine Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýew, hindi wekiliýetine – Hindistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary (Secretary West) Wikas Swarup ýolbaşçylyk etdiler.

Sebit ösüşiniň derwaýys meseleleri boýunça pikirleriň alyşylmagy, şeýle hem umumy ähmiýeti bolan köpugurly takyk taslamalaryň ara alnyp maslahatlaşylmagy we durmuşa geçirilmegi boýunça netijeli halkara meýdançalary bolup çykyş edýän «Hindistan – Merkezi Aziýa» Dialogynyň we «Hindistan – Merkezi Aziýa » Işewürlik Geňeşiniň çäklerindäki ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň önjeýliligi aýratyn bellenilip geçildi.

Nobatdaky geňeşmeleriň çäklerinde iki ýurduň arasyndaky konsullyk meseleleri dogrusynda hem pikirler alyşyldy, şonuň ýaly-da özara hereketleriň beýleki derwaýys meselelerine-de seredildi.

Bu ugurda energetika, maglumat tehnologiýalary, ulag-kommunikasiýa infrastrukturalary, ýeňil senagat, medeniýet we syýahatçylyk, ylym we bilim, şonuň ýaly-da saglygy goraýyş ulgamlary özara bähbitli gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlary hökmünde kesgitlenildi.