Täze ýylyñ ilkinji hepdesinde “Tesla”, “SpaceX” ýaly birnäçe kompaniýalaryñ eýesi Elon Muskyñ umumy baýlygy 175 milliard $ ýetmegi bilen Dünýäniñ iñ baý adamysy boldy.
Asyl “Tesla” kompaniýasynyñ Birža bahasy bolsa, günsaýyn, ýokarlandy. “The Spectator Index” internet-portalynyñ habar bermegine görä “Teslanyñ” Birža bahasy:
Mundan 5 ýyl öñ 26 milliard $;
3 ýyl öñ 58 milliard $;
2 ýyl öñ 59 milliard $;
1 ýyl öñ 97 milliard $;
6 aý öñ 278 milliard $;
3 aý öñ 423 milliard $;
15.01.2021ý. senesinde bolsa 802 milliard $ bara-bardyr.
“Forbes” žurnalynyñ 2016-njy ýylyñ dekabr aýynda taýýarlan “Dünýäniñ iñ baýlary” sanawynda Elon Musk 25-nji ýerde bolan bolsa, 2020-nji ýylyñ sanawynda 2-nji ýerdedi. Şu ýylyñ başynda 1-nji orna geçen hem bolsa, edil häzir 2-nji orna yzyna geçdi.
Aýsoltan Berdiýewa, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyñ mugallymy.