Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Baş arhiw müdirliginiň Türkmenistanyň Prezidentiniň Arhiw gaznasy tarapyndan neşir edilýän «Syýasat we jemgyýet» ylmy-amaly žurnalynyň ýörite sany çapdan çykdy. Onda ýerleşdirilen makalalar Bitaraplyga, «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» şygary astynda geçen ýylda Watanymyzyň hemişelik Bitaraplyk derejesine eýe bolmagynyň 25 ýyllyk senesine we onuň çäklerinde geçirilen dabaralara bagyşlandy.
Birnäçe makalalar Bitarap Türkmenistanyň köptaraply öňüni alyş diplomatiýasynyň täzeçilligini beýan edýär.
Makalalaryň birinde hemişelik oňyn Bitaraplygyň türkmen usulynyň özboluşlylygyna syn berilýär.
Žurnalyň sahypalarynda gozgalýan mowzuklaryň hatarynda bilim ulgamyny kämilleşdirmek we sanly ulgama geçmek ýaly ugurlar boýunça gürrüň berýän makalalar bar.
“Syýasat we jemgyýet” ylmy-amaly žurnalynyň ýene bir makalasy Türkmenistanyň ekologiýa syýasatyna we tebigy serişdeleriň rejeli peýdalanylmagyna bagyşlanýar.
Žurnalyň jemleýji sahypasynda ýerleşdirilen bezegli şekiller we suratlar şäherlerimiziň hem-de obalarymyzyň şu günki keşbine, eziz Diýarymyzyň ykdysadyýetiniň ösüşine we ýeten derejesine hem-de medeniýetde, sportda we syýahatçylykda gazanylýan üstünliklere göz ýetirmäge mümkinçilik berýär.