12-nji ýanwarda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenilen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Sýan Naýçeni kabul etdi.
Ilçi döwlet Baştutanymyza wagt tapyp kabul edendigi üçin hoşallyk bildirip, ynanç hatyny gowşurdy hem-de pursatdan peýdalanyp HHR-nyň Başlygy Si Szinpiniň mähirli salamyny hem-de Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasynyň ýörite Kararnamasy esasynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly diýlip yglan edilen Täze, 2021-nji ýylda iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.
Duşuşygyň çäklerinde iki ýurduň özara gyzyklanmasyny we özara üsti ýetirilýän, uly kuwwata eýe bolan milli ykdysadyýetleri nazara almak bilen, söwda-ykdysady gatnaşyklaryna aýratyn üns berildi. Mälim bolşy ýaly, Hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-hytaý komiteti şol gatnaşyklaryň netijeli amala aşyrylmagyny ugur edinýär.