18-nji ýanwarda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň gatnaşmagynda paýtagtymyz boýunça iş saparyny amala aşyryp, gurluşygy “Bouygues Batiment International” fransuz kompaniýasyna ynanylan Maslahatlar merkeziniň, kaşaň “Arkadag” myhmanhanasynyň hem-de Hökümet münberiniň gurluşyklarynyň barşy bilen tanyşdy.

Döwlet Baştutanymyz şu saparynyň dowamynda Aşgabadyň günorta böleginde Çandybil şaýolunyň ugrunda bina edilýän iri desgalara tarap ugrady.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Durdylyýew gurluşyk meýdançasynda işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow desgada işleriň ýagdaýy bilen tanşyp, ähli ölçegler boýunça—gurluşygyň hilinden başlap, timarlaýyş işlerine çenli gurulýan toplumyň ýokary halkara ölçeglerine kybap gelmelidigine ünsi çekdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary Ç.Amanow Hökümet münberinde Watan goragçylarynyň dabaraly ýörişini ýokary derejede guramak maksady bilen, bu ýerde alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Wise-premýer M.Mämmedowa şu ýyl şanly senäni – Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyny mynasyp garşylamaga görülýän taýýarlyk, hususan-da, degişli medeni-köpçülikleýin çäreleri geçirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz meýilleşdirilen baýramçylyk çärelerini ýokary derejede geçirmegiň möhümdigini aýdyp, bu ýerde dabaraly ýörişler bilen bir hatarda, giň gerimli medeni-köpçülikleýin çäreleri guramak üçin ähli şertleri döretmegi göz öňünde tutmalydygyny belledi.