28-nji sentýabrda Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 28 ýyllygy mynasybetli
baýramçylyk dabaralarynyň çäklerinde Halkara ahalteke atçylyk sport
toplumynda şowhunly çäreleriň biri bolan ahalteke bedewleriniň çapyşyklary
geçirildi. Atçylyk sport toplumyna, asylly däbe görä, Prezident Gurbanguly
Berdimuhamedow geldi.
Baýramçylyk at çapyşyklarynda dürli aralyklar boýunça 7 çapyşygyň her
birinde 12 bedew öz ýyndamlygyny we çalasynlygyny görkezdi.
1800 metr aralyga geçirilen birinji çapyşyga üçýaşar atlar gatnaşdy. Şonda
Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna degişli Ýyldyzhan
diýen gara at bellenilen aralygy 2 minut 03 sekuntda geçip, birinji gelmegi
başardy. Ony M. Kiçigulow çapdy. Ýeňijä ýurdumyzyň Ykdysadyýet we maliýe
toplumynyň baýragy — 15 müň amerikan dollary gowşuryldy.
Ikinji çapyşykda hem 1800 metr aralyga güýç synanyşyldy. Bu çapyşykda
B.Çaryýewiň hojalygyna degişli Kuwwatly diýen gara at birinji gelmegi
başardy. D.Berdimämmedowyň çapan bedewi bellenilen aralyga 1 minut 56,9
sekunt wagt görkezdi. Ýeňiji Nebitgaz toplumynyň 15 müň dollar möçberdäki
pul baýragyna eýe boldy. Üçünji çapyşykda saýlama üçýaşar bedewler
bäsleşige goşuldylar. Onuň menzili hem 1800 metr boldy. Söwda toplumynyň
goýan 15 müň dollar möçberdäki pul baýragy ugrundaky çapyşykda
Türkmenistanyň Prezidentiniň ahalteke atçylyk toplumyna degişli Akmonjuk
diýen gara at aralygy 2 minut 4,1 sekuntda geçip, birinji gelmegi başardy. Ony
A.Agamyradow çapdy.
Bäsleşigiň dördünji çapyşygynda üçýaşar bedewler 2200 metr aralyk boýunça
Senagat we kommunikasiýa toplumynyň 15 müň dollar möçberdäki pul
baýragyny almak ugrunda güýç synanyşdylar. Örän gyzykly geçen çapyşykda
Türkmenistanyň Senagat we kommunikasiýa ministrligine degişli ikinji
derejeli çapyksuwar Y.Saparowyň çapan Syrdaşym diýen gyr aty ýeňiji boldy.
Ol bu aralygy 2 minut 27,3 sekuntda geçmegi başardy.
Bäşinji çapyşykda bedewler Gurluşyk, energetika we jemagat hojalygy
toplumynyň 15 müň dollar baýragy ugrunda 2400 metr aralyga ýaryşa
goşuldylar. Dörtýaşar we uly ýaşar bedewleriň gatnaşan bu çapyşygynda
Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna degişli Goşasakar
diýen gyr at ýeňiji boldy. Bellenilen aralygy 2 minut 45,5 sekuntda geçen bu
bedewi N.Annamyradow çapdy.
Ýurdumyzyň Oba hojalyk toplumynyň 15 müň dollar pul baýragy ugrundaky
altynjy çapyşykda hem dört we uly ýaşar bedewler 2400 metr aralyk boýunça
güýç synanyşdylar. Örän özüneçekiji bu bäsleşikde Türkmenistanyň Baş
prokuraturasyna degişli Gujurly diýen dor at bu aralygy 2 minut 38,7 sekuntda
geçip, ýeňiji boldy. Ony üçünji derejeli çapyksuwar B.Babalyýew çapdy.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň baş baýragy,
ýagny 30 müň amerikan dollary möçberdäki pul baýragy ugundaky jemleýji
ýedinji çapyşykda hem dörtýaşar we uly ýaşar bedewleriň menzili 2400 metr
boldy. Garaşsyzlyk baýramy mynasybetli guralan at çapyşygynyň has
çekeleşikli geçen jemleýji tapgyrynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ahalteke
atçylyk toplumyna degişli Dorgunan diýen dor at ýeňiji boldy. Bellenilen
aralygy 2 minut 45,1 sekuntda geçmegi başaran bu bedewi ussat çapyksuwar
B.Agamyradow çapdy.
Soňra ýeňijileri sylaglamak dabarasy bolup, olara gymmat bahaly sowgatlar
gowşuryldy.