Hytaýyň raketa tehnologiýa gözleg institutynyň alymlary termoelektrik çipi bilen enjamlaşdyrylan ýönekeýje gaplardaky suwuň gyzgynlygyndan smartfonlara zarýad beriji enjamy döretdiler. Bu barada “Korrespondent.net” habar berýär. Habarda bu adatdan daşary geçirijiniň suw ýylylygyny ykjam enjamlary güýçlendirmek üçin zerur elektrik toguna öwrüp biljekdigi aýdylýar.
Gözleg toparynyň agzasy Şen Sian: “Bir çüýşe mukdardaky 300-500 ml gaýnag suwuň 20-30 minutlap ykjam enjamlaryň elektrik toguny üpjün edip biljekdigine göz ýetirdik” -diýdi.
Gözleg barlagynda zarýad bermek üçin USB porty bolan çüýşe gabyň gapagyna termoelektrik enjamy oturdyldy. “IPhone” kabel arkaly birikdirilende, telefonyň ekrany zarýad berilýändigini habar berdi.
Inženerleriň pikiriçe, şeýle çüýşe gaby noutbuklary, kameralary we beýleki ownuk enjamlary hem işledip biler. Häzirki wagtda gözleg instituty täjirçilik önümçiligi pudagyndaky kärhanalar bilen hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşýar.
200 gram datçigi götermegi aňsatlaşdyrmak üçin hünärmenler kosmos gämisi üçin ilki döredilen ýeňil termiki izolýasiýa materialyny ulanyp, çüýşe gabynyň agramyny azaltdylar.
Mundan öň, Günorta Koreýanyň Sejong uniwersitetiniň gözleg topary täze ykjam telefonynyň elektrik güýçlendirijisini hödürländigini habar beripdik. Bu üýtgeşik simsiz güýçlendiriji arkaly siz smartfonyňyza howa arkaly zarýad berip biljekdigiňizi aýdypdyk.