Gyş günleriniň dowam edýän günlerinde sowuk howada adam bedenini ýylatmak üçin has köp energiýany sarp etmeli bolýar. Hut şonuň üçin hem gyşda möwsümleýin kesellerden goranmak, bedeni gurplandyryp we onuň kesele garşy göreşijiligini ýokarlandyrmak zerur bolup durýar. Munuň üçin gök önümleri we miweleri has köp iýmek maslahat berilýär.
Gyş paslynda käşir taýsyz önümdir. Käşiriň düzüminde A, K, C, B6 witaminleri we kalsiý, mis, foliý turşusy, magniý ýaly birnäçe minerallar bolup, ol gan aýlanyşyny çaltlaşdyrýar we bagry, içegäni, gany arassalaýar. Aşgazan we gyzylödek keselleriniň öňüni alýar, iýmit siňdiriş ulgamyny pugtalandyrýar. Gözüň görşüni ýiteldýär. Bedende umumy gowşaklyk duýulanda we ganazlykda hünärmenler käşir iýmegi maslahat berýärler. Bu bakja önümi, galyberse-de, beta-karotina baý bolup, ol mikro bedenjikler tarapyndan döredilýän toksinleri ýok edýär.
Şugundyryň düzüminde köp sanly demir, şeýle hem deňagramly derejede kalsiý we natriý bar. Şeýle-de onuň düzüminde B topara degişli witaminler köpdür. Witaminleriň hut şol topary dyrnaklaryň, saçlaryň we deriniň sagdyn bolmagyna, şeýle hem nerw ulgamynyň dogry işlemegine täsir edýär. Ol düzüminde saklanýan sinkiň mukdary boýunça gök-önümleriň arasynda öňdäki orunda durýar. Şugundyr böwregiň, bagryň, gan-damar ulgamynyň arassalanmagyna kömek edýär, şeýle hem gan damarlaryň diwarjyklaryny berkidýär. Ony buglap iýmek has-da peýdaly.
Kelem önümi peýdaly minerallaryň hakyky hazynasydyr. Onuň düzümindäki askorbin kislotasy limonyňkydan ýa-da pyrtykalyňkydan hem köpdür. Kelemde bar bolan A, C we K witaminleri immuniteti güýçlendirmäge ýardam edýär. Kelem işdäni açýar, aşgazany, içegeleri dürli kesellerden goraýar we süňkleri berkidýär. Şeýle-de ýürek kesellerinde hem kelem peýdalydyr. Onuň düzümindäki kaliý elementi gan basyşyny kadaly saklamaga ýardam edýär.
Kädi örän gymmatly iýmitdir. Onuň az kaloriýalylygy we çalt siňýänligi üçin, ol köplenç, çagalaryň iýmitine hem goşulýar. Kädi kaliý, karotin, pektin minerallaryna we witaminlere baýdyr. Kädiniň düzüminde A witaminiň barlygy üçin ol ýaralaryň, ýanyklaryň bejerilişinde hem peýdalydyr. Bu önümiň düzüminde bedende toplanan artykmaç toksinleri, holesterini we dürli galyndylary çykaryjy pektin süýümleri bar.