2020-nji ýylyň ahyrynda Türkmenistan iň arzan benzin bilen TOP-10 ýurtlarynyň hataryna girdi. Ýurtda bir litr A-95 benziniň bahasy 1,5 manat ($ 0.43).

«GlobalPetrolPrices.com»-yň habaryna görä, bu babatda Türkmenistan Garaşsyz Döwletler Arkalaşygynyň ýurtlarynyň arasynda ikinji, dünýäde bolsa onunjy orunda durýar. Bütin dünýäde benziniň ortaça bahasy bir litr üçin 1,05 dollardyr.

«GlobalPetrolPrices.com» resmi saýtyna 11-nji ýanwarda goýlan reýtingde Wenesuela birinji orunda durýar. Günorta Amerikanyň bu sebitinde bir litr benziniň bahasy 0,02 ABŞ dollarydyr. Gonkongda bolsa benzin gaty gymmat. Bu ýerde bir litr benziniň bahasy 2.33 dollardyr.