Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň maglumatlaryna görä, şu anna gününe çenli tutuş ýurt boýunça howanyň üýtgemegine garaşylýar.
21-nji ýanwarda günortan Aşgabat, Ahal, Balkan we Daşoguz welaýatlarynda 0°-dan -3°-e çenli sowuk howanyň bolmagyna we gar gatyşykly ýagşyň ýagmagyna garaşylýar.
Şemalyň ugry demirgazyk-günbatara durnukly bolar. Gijelerine ýagyş derejesiniň käbir ýerlerde 90 göterime çenli bolmagyna garaşylýar.
Lebap we Mary welaýatlarynda, günortan +19° … +20° yssy howa bolar. Ýöne, 22-nji ýanwarda ýurdumyzyň hemme ýerine diýen ýaly aýaz gelýär: gündizine howanyň günortan -2°-dan gijesine -6°-a çenli durnukly bolmagyna garaşylýar.
Şonuň üçin raýatlara işe we okuwa gidenlerinde öňünden taýyn bolmaklaryny, seresaplylyk bilen hereket etmeklerini ýatladýarys. Çünki, şu anna gününe çenli howa beýle bir aýazly bolmasa-da, şemally sowugy bolar.