Londonyň Hitrou howa menzili bu ýyl dünýädäki iň köp ýolagçyly menzilleriniň sanawynda birinjiligi elden berdi.

2020-nji ýylky düzülen sanawda Hitrou howa menzili üçünji ýeri eýeledi. Bu ýylky sanawda birinjilige Türkiýäniň Stambul şäherinde 2018-nji ýylda açylan täze halkara howa menzili we ikinji orna bolsa Pariždäki Roissi-Çarlz de Goll howa menzili mynasyp görüldi. Soňky orunlarda Amsterdamdaky Şiphol howa menzili Hiroudan soň dördünji, Moskwadaky Şeremetýewo howa menzili bolsa bäşinji ýerde.

Hasabatlarda Hitrou halkara howa menziliniň ýolagçy gatnawynyň 2020-nji ýylyň ahyryna çenli 73 göterim azalandygy aýdylýar. 2019-njy ýylda bu howa menzilinden 81 million töweregi adam peýdalanypdyr. Geçen ýyl bu görkeziji bary-ýogy 22,1 milliona deň bolupdyr.

Günbatar Ýewropa howa menzilleriniň köpüsinde, şol sanda Frankfurtda we Barselonada esasy howa menzillerinde ýolagçy gatnawynyň 70 göterimden gowrak azalandygyna garamazdan, Stambulyň iň uly iki howa menzilinde we Moskwanyň Şeremetýewo howa menzilinde ýolagçy gatnawynyň az bolamgy adaty ýagdaýdy. Netijede, indi bolsa olaryň reýtingi gowulaşdy.

“Bloomberg” -iň habaryna görä, Stambulyň täze howa menzili ilkinji doly senenama ýylynda 23,4 million ýolagçyny özüne çekdi. Netijede, geçen ýyl Ýewropanyň iň ýolagçysy köp howa menziline öwrüldi. Ýeri gelende belläp geçsek, bäşinji orny eýelän Şeremetýewo howa menzili 2020-nji ýylda 19,8 million adam (2018-nji ýylda 49,9 million) tarapyndan ulanyldy.