Türkmenistanda 2021-2025-nji ýyllarda bedenterbiýäni we sporty goldamagyň hem-de ösdürmegiň Maksatnamasy, şu Maksatnamany amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasy tassyklanyldy.

Bu maksatnama türkmen sportuny goldamak we raýatlaryň saglygyny berkitmek, ösüp gelýän ýaş nesli sporty söýmek, halal zähmete hormat goýmak ruhunda terbiýelemegiň bitewi ulgamyny kemala getirmek hem-de türkmen milli sportuny dünýä derejesinde ýokary götermegiň ygtybarly hukuk, guramaçylyk we maddy-tehniki esaslaryny kämilleşdirmek maksady bilen işlenip taýýarlanyldy.

Türkmenistanda bedenterbiýäni we sporty goldamagyň hem-de ösdürmegiň kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek, daşary ýurtlaryň degişli sport guramalary bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek hem-de bu ugurda sanly we innowasion tehnologiýalar babatda dünýä tejribesiniň gazananlaryny ýurduň sport ulgamyna ornaşdyrmak, ýaşlaryň arasynda bedenterbiýäni hem-de sporty ösdürmek, halkara derejeli ussat türgenleri taýýarlamak, bedenterbiýe we sport babatdaky ylmy ösdürmek hem-de beýleki wajyp çäreler maksatnamanyň esasy wezipesi hökmünde kesgitlenildi.