Türkmenistanyň elektrik energetika pudagy döwlet Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygyna sowgat hökmünde Ahal ― Balkan hem-de Balkan ― Daşoguz welaýatlarynyň arasynda gurluşygy alnyp barylýan halkalaýyn elektrik ulgamynyň we podstansiýalar toplumynyň Ahal ― Balkan aralygynyň birinji tapgyryny ulanmaga tabşyrmagy meýilleşdirýär.

Wise-premýer Ş.Durdulyýew goşmaça ylalaşyklary baglaşmak hakynda Kararyň taslamasyny döwlet Baştutanymyzyň garamagyna hödürledi.

Resminama laýyklykda, Energetika ministrliginiň «Türkmenenergo» döwlet elektroenergetika korporasiýasyna Türkmenistanyň Prezidentiniň 2020-nji ýylyň 31-nji ýanwarynda çykaran 1619-njy Kararyna laýyklykda, «Ahal-Balkan» we «Balkan-Daşoguz» ýokary woltly asma elektrik geçirijisiniň we beketleriniň gurluşygy üçin zerur bolan enjamlary, materiallary we awtotehnikalary satyn almak barada baglaşan şertnamalaryna ýurdumyzyň energoulgamynyň ygtybarlylygyny ýokarlandyrmak üçin zerur bolan enjamlary, materiallary we awtotehnikalary satyn almak barada daşary ýurt kompaniýalary bilen goşmaça ylalaşyklary baglaşmaga ygtyýar berildi.