Şwetsiýanyň IKEA guramasy ABŞ-daky 4,5 müň gektar meýdana eýe bolan tokaýy satyn aldy. Bu barada “Harper’s Bazaar” neşiri habar berýär.
Maglumat berilmegine görä, satyn almanyň maksady tokaýy goramak, agaçlaryň kesilmeginiň we bu meýdanda bolýan gurluşyklaryň öňüni almakdyr.
Öň bu ýerler ABŞ-daky tokaýlary goraýan “The Conservation Fund” atly gurama degişlidi. Bu gurama şu güne çenli 8 million akr tokaý meýdanyny saklap galmagy başardy. IKEA guramasyna degişli täze ýer Jorjiýa ştatynyň günorta-gündogarynda, Altamaha kölüniň töwereginde ýerleşýär. Bu mülki kompaniýanyň inwestisiýa meseleleri bilen meşgullanýan “Ingka Investments” bölümi dolandyrýar. “Ingka Group” bilen işlemek bagtyna miýesser bolandygyna begenýändigini bildiren “The Conservation Fund” kompaniýasynyň ýolbaşçysy Larry Selser gowy saklanan tokaý, suw, ösümlik we seýrek duş gelýän haýwanlaryň bu ýerde ýaşaýandygyny belleýär. Şeýle-de bu ýerdäki agaçlar bütindünýä klimat üýtgemesine hem öz täsirini ýetirýär.
Maglumat hökmünde belläp geçsek, IKEA bu günki günde Amerikanyň 5 ştaty: Jorjiýa, Demirgazyk Karolina, Alabama, Tehama we Oklahamadaky jemi meýdany 55 müň gektar tokaýa eýelik edýär.