“Autox” kompaniýasy umumy peýdalanmak mümkin bolan ýollarda sürüjisiz dolandyrylýan taksileriň işini ýola goýan “WayMo”-dan soňky ikinji kompaniýa öwrüldi. Bu barada “Vesti.ru” habar berýär.

Liderler, radar we kameralar bilen enjamlaşdyrylan, şeýle-de, ýerli sebitiň anyk 3D-kartasyna eýe “Chrysler Pacifica” awtoulaglarynyň bazasynda gurnalandyr.

Ady agzalan awtoulaglar Hytaý “haýtekiniň” merkezi hasaplanylýan Şençjenýu şäheri boýunça hereket eder. “Autox” kompaniýasy ilkinji synaglara ýolagçy hökmünde it oturan wideolar bilen başlady. Bellenilmegine görä, robotaksini synag döwründe ähli adam çagyryp bilmeýär. Ol häzirki wagtda dar giňişlikdäki adamlar üçin elýeterlidir. Munuň ýaly tapgyrdaky synaglary “WayMo” kompaniýasy üç ýyl öň geçirdi we ol artykmaç dabaraly ýagdaýda bolmandy.