3-nji fewralda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Awtomobil ulaglarynyň halkara birleşiginiň (IRU) Baş sekretary Umberto de Pretto bilen wideo ulgamy arkaly duşuşygy geçirildi.
Umberto de Pretto Türkmenistanyň Hökümetiniň ýurtda we sebitde diňe bir ýol ulaglarynyň ulgamynda däl-de, eýsem infrastrukturanyň hemmetaraplaýyn kämilleşdirilmegi ugrundaky tagallalaryna ýokary baha berdi. Şunlukda, Türkmenistanyň iri häzirki zaman infrastrukturanyň gurulmagy, şol sanda halkara konwensiýalaryna we ylalaşyklaryna goşulmak arkaly onuň netijeli hereket etmeginiň ýokarlandyrylmagy üçin degişli şertleriň döredilmegi boýunça giň göwrümli işleriniň Awtomobil ulaglarynyň halkara birleşigi tarapyndan goldanylýandygy aýdyldy.
Dünýäde emele gelen pandemiýa ýagdaýlary bilen baglylykda, taraplar Türkmenistanyň adatdan daşary ýagdaýlarda durnukly halkara gatnawlarynyň üpjün edilmegi boýunça başlangyjynyň ilerledilmegi ugrunda bilelikdäki işleriň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Awtomobil ulaglarynyň halkara birleşiginiň Baş sekretary Lapis Lazuli geçelgesiniň, şeýle-de Demirgazyk-Günorta we Gündogar-Günbatar ugurlary boýunça beýleki ulag-üstaşyr geçelgeleriniň netijeli ulanylmagy babatynda Türkmenistan bilen durmuşa geçirilýän hyzmatdaşlygyna ygrarlydygyny belledi. Taraplar şonuň ýaly-da, 2021-nji ýylda Türkmenistanda geçirilmegi meýilleşdirilýän Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp gelýän ýurtlaryň ministrleriniň Halkara maslahatyna görülýän taýýarlyklary hem ara alyp maslahatlaşdylar.